Ilçi Natalýa Drozd
Ilçi Natalýa Drozd 2016-njy ýylyň iýul aýynyň 9-nda ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkeziniň baştutanlygyna geçdi. Belarusiýaly diplomat ilçi Drozd öz ýurdunyň Italiýadaky we, şol bir wagtyň özünde, Maltadaky ilkinji ilçisi bolup zähmet çekdi (1998 – 2002). Natalýa Drozd Birleşen Milletler Guramasynyň Zenanlaryň statusy hakyndaky Komissiýasynda Belarus Respublikasynyň wekili bolup çykyş etdi we Komissiýanyň Baştutanynyň orunbasary hökmünde hem zähmet çekdi. Mundan başga-da, ilçi Drozd ÝHHG-niň Skopýedeki wekilhanasynyň baştutanynyň orunbasary wezipesini hem eýeledi (2005-2013).
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygy mynasybetli (2020-nji ýylyň 12-nji dekabrynda bellenildi) ilçi Drozd Türkmenistanyň Hökümeti tarapyndan halkara gatnaşyklarynyň ösmegine we ÝHHG bilen Türkmenistanyň arasyndaky hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga goşan goşandy üçin ‘Bitaraplyk’ döwlet ordeni bilen sylaglandy.