Daşky gurşawyň goragy
Şeýle-de, Merkez tebigy serişdeleriň durnukly ulanylmagy ugrunda milli strategiýalarynyň tassyklanylmagyna ýakyndan öz goşandyny goşýar we daşky gurşawyň goralmagyna gönükdirilen milli kanunçylygyň kämilleşdirilmegini goldaýar. Mundan başga-da, Merkez daşky gurşawy goramak meseleleri boýunça milli maslahatlaryň hem-de sebitleýin derejede gepleşikleriň geçirilmegi üçin meýdança üpjün edýär.
Merkez energiýa howpsuzlugy we energiýa serişdelerini dolandyrmak ugrunda Türkmenistan bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk edýär. Esasy üns öňdebaryjy halkara tejribelerine laýyklykda energiýanyň alternatiw çeşmeleri we netijeli elektrik ulgamlary boýunça degişli strategiýalaryň we maksatnamalaryň işlenilmegi we amala aşyrylmagy üçin milli gyzyklanýan taraplaryň mümkinçiliklerini pugtalandyrmaklyga berilýär. Alternatiw energiýa ulgamynda taslamalary amala aşyrmak we gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri boýunça milli ýol kartasynyň işlenip taýýarlanylmagyny goldamak üçin Merkez Mary şäherinde ýerleşýän Türkmen döwlet energetika instituty we beýleki degişli milli edaralary bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk edýär.
Şeýle-de, Merkez Türkmenistanyň energetika infrastrukturasyny tebigy betbagçylyklardan goramak we energiýa howpsuzlygyny goldamak boýunça mümkinçiliklerini ýokarlandyrmak üçin ýörite okuwlary gurnaýar.