Ilçi Wilýam Lif
Ilçi Wilýam R. Lif 2025-nji ýylyň 4-nji awgustynda Ilçi Jon MakGregoryň ýerine Aşgabatdaky ÝHHG-niň Merkeziniň başlygy (baştutany) wezipesine geçdi. Otuz ýyldan gowrak baý iş tejribesi bolan ussat Amerikan diplomaty we halkara howpsuzlyk boýunça hünärmen bolmak bilen, şeýle hem ol sebitleýin ösüşde giň başarnyklara eýe bolmak arkaly, Merkezi Aziýada hyzmatdaşlygyň esasynda howpsuzlygy we durnuklylygy pugtalandyrmaga berk ygrarlydyr.
Ilçi Lifiň ÝHHG-daky iş ýoly on ýyldan gowrak döwri öz içine alýar, bu döwre onuň Türkmenistanda hem-de Gyrgyzystanda ýolbaşçylyk wezipelerindeişlän ýyllary hem girýär. 2020-nji ýyldan bäri ol Türkmenistanyň Daşary işler, Goranmak hem-de Milli howpsuzlyk ministrlikleri bilen esasy aragatnaşyk saklaýjy hökmünde çykyş edip ÝHHG-niň Aşgabatdaky Merkeziň harby-syýasy meseleler boýunça geňeşçisi bolup işledi. Onuň wezipesine ynamy we howpsuzlygy pugtalandyrmak çäreleri, ýaraglara gözegçilik etmek we transmilli howplara garşy göreşmek ýaly ugurlar girýärdi. Şeýle hem, ol wekilhananyň ýolbaşçysynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirirmek bilen, ýokary derejeli diplomatik gatnaşyklary goldamaklygy we syýasy çözgütleri ýerine ýetirilmekligi üpjün etdi.
2013-2018-nji ýyllar aralygynda ol Bişkekdäki ÝHHG-niň Programma ofisinde dürli ýolbaşçy wezipesinde işledi, şol sanda harby-syýasy meseleler boýunça geňeşçisi we ýurduň günorta sebitleri boýunça uly derejeli wekili bolup işledi.
ÝHHG-de işlemezinden öň Ilçi Lif Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Türkmenistandaky ilçihanasynda birnäçe wezipelerde işledi, şol sanda harby attaşeniň kömekçisi we Eksport gözegçiligi we serhet howpsuzlygy (EXBS) maksatnamasy boýunça geňeşçisi boldy.
Ilçi Lif öýlenen, dört çagasy we ýedi agtygy bar. Ol rus, türkmen, gyrgyz, nemes we italýan dillerini bilýär.