Aşgabatdaky ÝHHG merkezi
Serhetleri dolandyrmak
Bu meýdanda deňiz we howa menzilleriniň howpsuzlygy Merkeziň öňdebaryjy işjeňligi bolup durýar. Merkez yzygiderli tertipde deňiz we serhet howpsuzlygy boýunça ofiserler, gümrük gullugynyň, awiasiýa we howa menzilleriniň howpsuzlyk işgärleri üçin ýöriteleşdirilen amaly okuwlary gurnaýar. Bu amaly okuwlar patrul hereketleri, gözegçilik tehnikasy, deňiz howpsuzlyk teswirnamalary we howa menzilleriniň howpsuzlygyny dolandyrmak ýaly meseleleri öz içine alýar. Şeýle-de Merkez Türkmenistanyň hukuk goraýyş organlarynyň işgärlerini neşe serişdereleriniň bikanun söwdasyna garşy göreşmek we syýahatçylyk resminamalarynyň howpsuzlygyny artdyrmak usulyýeti boýunça hem taýýarlaýar.