Ilçi Jon S. MakGregor
Wankuwer şäherinde doglan we Kanadanyň harby-deňiz güýçleriniň serkerdesi hökmünde 33 ýyl gulluk eden, Jon MakGregor 2021-nji ýylyň maý aýynyň 1-ne ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkeziniň baştutany wezipesinde işe başlady. Mundan ozal, 2016-2021-nji ýyllar aralygynda, ol ÝHHG-niň Özbegistandaky taslamalarynyň utgaşdyryjysy wezipesini eýeleýärdi. Mundan öň bolsa, 2013-nji ýyldan başlap ÝHHG-niň Bişkekdäki Merkeziniň başlygynyň orunbasary we iki ýyllap ÝHHG-niň Bakudaky Edarasynyň başlygynyň orunbasarynyň işini ýerine ýetirijisi wezipesinde işledi (umumy şol edarada alty ýylyň dowamynda zähmet çekdi).
Ilçi MakGregor öýlenen, iki sany çagasy we iki sany agtygy bar. Ol fransuz dilini hem bilýär we azerbaýjan, gyrgyz we özbek dillerinde çykyş edip bilýär.
Ilçi MakGregor üç ýyldan geçýän/gowrak tejribesi bilen ÝHHG-niň taryhynda iň uzak wagt gulluk edip gelýän Kanadaly meýdan wekilhanasynyň baştutany bolup durýar. Ol ÝHHG-niň 2020-nji ýylyň Gender Çempion Baýragynyň eýesi (ýolbaşçy kategoriýasy).